Oýun sanawy


Türkmenistan 2028-nji ýylyň Halkara hukuk ýyly hökmünde yglan edilmegini teklip edýär
24 Sen. 07:47Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasyndaky çykyşynda 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek başlangyjyny öňe sürdi.
Döwlet Baştutanynyň nygtamagyna görä, Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda BMG-niň öňdebaryjy ornunyň pugtalandyrylmagyna hem-de halkara hukugyň agalyklygynyň berkidilmegine ygrarly bolmagyny dowam etdirer.
Bu teklip, halkara parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga möhüm goşant hökmünde görülýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Emomali Rahmona gutlag hatyny ýollady
09 Sen. 06:24Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we doganlyk täjik halkyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. «TDH» gullugynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyz öz hatynda Täjigistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünliklerini hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn belledi.
Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi hamana Emomali Rahmona berk jan saglygy we bagtyýarlyk, Täjigistanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de ösüş arzuw etdi. Ýatladyp geçsek, Täjigistan Respublikasy her ýylyň 9-njy sentýabrynda öz Döwlet garaşsyzlygy gününi dabaraly bellenip geçýär.
Şeýle hem okanyň