Oýun sanawy


Lebap welaýatyndaky «Watan» döwlet elektrik stansiýasy 2026-njy ýylyň ýanwar aýyny üstünlikli netijeler bilen jemledi. Hasabat döwründe meýilnamadan artykmaç — jemi 157 müň 510 kilowat-sagat energiýa öndürilip, bellenilen sepgit 101,62 göterim berjaý edildi. Şonuň bilen birlikde, ýerine ýetirilen hyzmatlaryň pul barabaryndaky möçberi 3 million 73 müň manatdan geçdi.
Stansiýanyň maddy-tehniki binýady dünýä belli «General Electric» kompaniýasynyň kuwwatly gaz turbinalaryna esaslanýar. Jemi 254 megawatt kuwwaty bolan bu döwrebap desga on ýyl bäri ýurdumyzyň energetika ulgamyna ygtybarly hyzmat edýär. Öndürilýän toguň mukdary we durnuklylygy «Türkmenenergo» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Bugün 06:20Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.
Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.
Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.
Şeýle hem okanyň