Oýun sanawy


2026-njy ýylda Türkmenistanda dünýä inen ilkinji bäbege Atamyrat ady dakyldy
02 Ýan. 09:572026-njy ýylda Türkmenistanda dünýä inen ilkinji çaganyň oglan bäbek bolandygy mälim boldy. Gaýypowlar maşgalasynda dünýä inen çaga Atamurat diýip at dakyldy. Ol 1-nji ýanwar irden Aşgabat şäherindäki Ene we çaganyň saglygyny goraýyş boýunça ylmy-kliniki merkezinde dünýä indi.
Türkmenistanyň lukmanlarynyň beren maglumatlaryna görä, bäbek 3,1 kilogram agramda bolup, boýy 48 santimetrdir. Çaganyň saglyk ýagdaýy kadaly hasaplanýar.
Bu şanly waka mynasybetli maşgalaya Türkmenistanyň Prezidentiniň, Milli Lideriň adyndan, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara kömek berýän haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. 2026-njy ýylyň ilkinji doglan çagasy Türkmenistanyň täze ýylyna bagtyýar başlangyç boldy.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň