Oýun sanawy


Şweýsariýada geçirilen resmi çärede Ýewropanyň klub derejesindäki iň abraýly turniriniň 1/8 finalynyň jübütleri mälim edildi. Bu gezekki bije netijesinde häzirki çempion «PSŽ» toparyna garşydaş hökmünde Londonyň «Çelsisi» düşdi. Şeýle-de, futbol janköýerleri «Mançester Siti» we «Real Madrid» ýaly ägirtleriň arasyndaky çekeleşikli oýunlara garaşýarlar.
1/8 finalyň duşuşyklarynyň sanawy:
«PSŽ» – «Çelsi»
«Galatasaraý» – «Liwerpul»
«Real Madrid» – «Mançester Siti»
«Atalanta» – «Bawariýa»
«Nýukasl» – «Barselona»
«Atletiko Madrid» – «Tottenhem»
«Budýo-Glimt» – «Sporting»
«Baýer Lewerkuzen» – «Arsenal»
Ilkinji bäsleşikler mart aýynyň 10-na we 11-ne, jogap oýunlary bolsa şol aýyň 17–18-ne meýilleşdirildi. Çempionlar ligasynyň kubogynyň eýesi 30-njy maýda Budapeştdäki «Puşkaş Arena» stadionynda belli bolar. Ýatlap geçsek, Pariž şäheriniň wekili geçen möwsümde öz taryhynda ilkinji gezek bu ýokary derejeli ýaryşyň altyn medalyna mynasyp bolupdy.
Şeýle hem okanyň


Lionel Messi sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragyna mynasyp boldy
24 Okt. 10:17«Altyn top» baýragynyň sekiz gezek eýesi, meşhur argentinaly futbolçy Lionel Messi dünýä sportuny ösdürmäge goşan göz-görtele goşandy üçin Ispaniýanyň halkara derejesindäki abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragy bilen sylaglandy. Baýragy gowşurmak dabarasy Ispaniýanyň Owýedo şäherindäki taryhy «Kampoamor» teatrynda uly danyşyklylyk bilen geçirildi. Bu barada sylaglaýjy gaznanyň resmi internet saýtynda habar berilýär.
Asturiýa şa gyzynyň halkara baýragy 1980-nji ýyldan bäri dünýä boýunça dürli ugurlarda, şol sanda sportda uly üstünlik gazanan görnükli şahsyýetlere gowşurylyp gelinýär. Sport kategoriýasy boýunça bu derejeli baýraga ozal meşhur tennisçi Serena Wilýams, ispan futbolçylary Iker Kasilýas we Hawi, şeýle hem Braziliýanyň hem-da Ispaniýanyň milli ýygyndylary mynasyp bolupdylar.
Häzirki wagtda 39 ýaşly Messi Amerikan Ligasynda (MLS) «Inter Maýami» klubynyň düzüminde çykyş edýär. Öz oýunçylyk karýerasynda «Barselona» we «Pari Sen-Žermen» ýaly öňdebaryjy klublarda oýnan Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany 2022-nji ýylda Dünýä çempiony boldy ham-da karýerasynda jemi 48 sany resmi kubok we kubok titullaryny utup, futbol taryhynda iň köp titully oýunçy hökmünde öz adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy.
Şeýle hem okanyň