Oýun sanawy


«Andižanyň» öňki kapitany Geworkýany toparyň iň güýçli oýunçysy diýip atlandyrdy
03 Few. 05:41«Andižan» we «Alaý» toparlarynyň öňki kapitany hem-de goragçysy Illar Mamatkazin türkmenistanly hüjümçi Artur Geworkýanyň bile oýnan futbolçylarynyň arasynda iň güýçlisidigini aýtdy. Eurasia Football neşirine beren interwýusynda ol Geworkýanyň meýdançada tapawutlanýan ussatlygyny aýratyn belläp geçdi.
Mamatkazin bilen Geworkýan bir döwürde Garşy şäheriniň «Nasaf» klubynda bile çykyş edipdiler. Çalt sowal-jogap bölüminde «Iň gowy bile oýnan futbolçyňyz kim?» diýen sowala Mamatkazin gysga we anyk jogap berdi: «Artur Geworkýan, Nasaf».
Öz karýerasyndaky iň kyn garşydaş barada gürrüň beren goragçy meşhur kamerunly hüjümçi Samuel Eto’ony agzap geçdi. Ol bu futbolça garşy «Anži» topary bilen geçirilen duşuşykda oýnamaga mümkinçilik bolandygyny aýtdy.
Artur Geworkýan 1984-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde doguldy we Turkmenistan futbolynyň görnükli wekilleriniň biridir. Ol Turkmenistan klublary «Nusaý», «Şagadam» we «Aşgabat» bilen bir hatarda, Gazagystanyň hem-de Özbegistanyň birnäçe toparlarynda çykyş etdi.
2011-nji ýylda Geworkýan «Nasaf» bilen AFK-nyň Kubogyny gazanyp, ýaryşyň iň gymmatly oýunçysy diýlip ykrar edildi. 2013–2014-nji ýyllarda Özbegistanyň çempionatynda iň gowy legioner, iň gymmatly futbolçy we iň gowy bombardir boldy. Şeýle hem ol «Nasaf» toparynyň kapitany wezipesini ýerine ýetirdi.
Hüjümçi Turkmenistan milli ýygyndy toparynyň düzüminde hem üstünlikli çykyş etdi. Ol 2007-nji ýylda Kambodža garşy ilkinji duşuşygynda iki gol saldy. 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda Omanyň derwezesine jerime urgusyndan tapawutlandy. Umuman alanyňda, 2007–2016-njy ýyllar aralygynda Turkmenistan ýygyndysy üçin 16 oýun geçirip, 3 gol geçirdi. Şeýle-de ol 2006-njy ýylda futzal boýunça AFK çempionatynda Turkmenistan mini-futbol ýygyndysynyň düzüminde çykyş etdi.
Şeýle hem okanyň


UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär
26 Okt. 11:00UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.
UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.
Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.
Şeýle hem okanyň