Oýun sanawy
Pakistan bilen Türkmenistanyň arasynda göni howa gatnawlarynyň dikeldilmegi teklip edilýär
23 Sen. 07:24«Bitarap Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada, Pakistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi doktor Faryal Leghari iki ýurduň arasynda göni awiabiletleriň täzeden ýola goýulmagynyň zerurdygyny nygtady.
Ilçiniň bellemegine görä, Aşgabat bilen Pakistan şäherleriniň arasynda bary-ýogy iki sagat dowam edýän göni uçar gatnawy 240 milliondan gowrak ilaty bolan Pakistana diňe bir Türkmenistana aňsat geçişi üpjün etmän, eýsem, «Türkmenhowaýollarynyň» Ýewropa, Russiýa, Hytaý, Uzak Gündogar we Aziýa-Ýuwaş umman sebitlerine açylýan halkara ugurlaryna-da mümkinçilik döreder.
Howa gatnawlarynyň dikeldilmegi söwda, saglyk turizmi, bilim we medeniýet pudaklarynda hyzmatdaşlygyň ösmegine, şeýle hem miwe, gök önümler, tüwi, et ýaly tiz zaýalanýan harytlaryň çalt eltilmegine ýardam berer.
Makalada Pakistanyň «Merkezi Aziýa boýunça Garaýşy» atly başlangyjynyň çäginde Türkmenistanyň halkara bazarlara çykmagyny üpjün edýän täze söwda we ulag geçelgelerini döretmek boýunça hyzmatdaşlyga çagyrylýandygy hem bellenilýär. Bu geçelgeler Pakistanyň Karaçi we Gwadar portlaryna tarap ugrukdyrylar.
Pakistan eýýäm türkmen telekeçilerine 24 sagadyň dowamynda iş wizalarynyň berilmegini ýola goýdy. Dokma pudagy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde görkezilýär: Türkmenistanyň pagta, ýüpek we ýüň önümleri Pakistana eksport edilip bilner, şol bir wagtyň özünde bolsa Pakistanyň taýýar tikin önümleri türkmen bazarynda ornaşyp biler.
Makala modanyň hem medeni hyzmatdaşlyk üçin wajyp ugur bolup durýandygyny belleýär. Iki ýurduň milli lybaslarynyň aýal-gyzlara degişli aýratynlyklarynyň meňzeşligi dizaýn boýunça bilelikdäki taslamalaryň, sergileriň we moda çäreleriniň geçirilmegine mümkinçilik döredýär.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň