Oýun sanawy


Türkmen-azerbaýjan ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi
02 Aprel. 05:35Azerbaýjanyň sanly ösüş we ulag ministri Reşat Nebiýew bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nokerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda geçirilen duşuşyk iki ýurduň arasyndaky strategik gatnaşyklaryň täze tapgyryna öwrüldi. Gepleşikleriň dowamynda ulag we kommunikasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berildi we geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Hazar sebitiniň üstaşyr kuwwatyndan has netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtadylar.
Duşuşykda ulag pudagyny sanlylaşdyrmak, ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmak we sebitara logistika zynjyryny kämilleşdirmek meseleleri üns merkezinde boldy. Iki ýurduň arasyndaky ulag geçelgeleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak we üstaşyr amallary ýönekeýleşdirmek boýunça anyk wezipeler bellenildi. Bu bolsa diňe bir iki döwletiň däl, eýsem tutuş sebitiň ykdysady bähbitlerine hyzmat edýän halkara üstaşyr-ulag koridorlarynyň ähmiýetini has-da artdyrar.
«AZERTAC» agentliginiň habar bermegine görä, taraplar döwrebap kommunikasiýa ulgamlaryny we port infrastrukturasyny ösdürmek boýunça tejribe alyşdylar. Azerbaýjan we Türkmenistan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çäklerinde täze başlangyçlary durmuşa geçirmäge doly taýýardyklaryny tassykladylar. Geçirilen gepleşikler türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ulag we sanly ösüş ugurlarynda mundan beýläk-de rowaçlanmagyna täze itergi berer diýlip garaşylýar.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.