Oýun sanawy


Aşgabat şäherinde ýurduň geljekki hünärmenleriniň ukyplaryny ýüze çykarmak maksady bilen guralan «Ýaş inžener – 2026» atly döredijilik bäsleşigi özüne köp sanly okuwçyny çekdi. «Ojar Aziýa» hususy kärhanasynyň binasynda geçirilen bu çärä Türkmenistanyň dürli welaýatlaryndan 7-nji synpdan 12-nji synpa çenli okaýan 200-e golaý zehinli ýaşlar gatnaşdy. Gatnaşyjylar toparlaýyn we özbaşdak görnüşde özleriniň inženerçilik çözgütlerini hödürlediler.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça birnäçe ugurlar boýunça iň oňat netije görkezen okuwçylar sylaglandy. «Akylly» tehnologiýalar ugrunda Aşgabat halkara mekdebiniň okuwçylary A. Amanowa we N. Joragulyýew, robototehnika boýunça bolsa 97-nji mekdebiň okuwçysy A. Çolukow öňe saýlandylar. Şeýle hem programma üpjünçiligi we robotlaryň bäsleşigi (BattleBots) ugurlarynda Balkanabatdan hem-de Aşgabadyň 135-nji mekdebinden gelen okuwçylar ýokary başarnyklaryny görkezip, ýeňiji boldular.
Bu bäsleşigiň möhüm ähmiýeti diňe bir ýerli derejede çäklenmän, eýsem halkara sport we ylym meýdançasyna hem ýol açýar. Robototehnika ugrunda iň ýokary netije görkezen bäş sany ýaş türgen «First Global Challenge – 2026» atly dünýä derejesindäki ýaryşda Türkmenistanyň adyndan wekilçilik ederler. Belläp geçsek, geçen ýyl halkara bäsleşikde türkmen ýaşlary «Skills Challenge» ugry boýunça altyn medala mynasyp bolupdylar.
Bilim we ylym ulgamynyň ösmegine goşant goşýan bu çäre Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Bilim müdirliginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň paýtagt bölümleriniň bilelikde guramagynda amala aşyryldy. Guramaçylaryň pikiriçe, döwrebap inženerçilik bäsleşikleri ýaşlaryň innowasion pikirlenmesini ösdürmekde we sanly ykdysadyýete geçmekde uly itergi berýär.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.