Oýun sanawy

Türkmenistanda Türkiýe wizalary boýunça täze operator bellenildi

12 Ýan. 10:06

Çeşme

Türkmenistanda Türkiýe Respublikasyna wizalaryň resmileşdirilmegi boýunça täze düzgün güýje girdi. Türkmenistanyň raýatlary üçin wizalaryň kabul edilmegi we işlenmegi boýunça resmi operator hökmünde Mosaic Visa kompaniýasy bellenildi. Şeýlelikde, öň bu hyzmaty ýerine ýetirip gelen Gateway International kompaniýasy Türkmenistandaky işini bes etdi.

Mosaic Visa Turkmenistan wizalyk merkezi ýakyn wagtda Aşgabat şäherinde öz işine başlar. Merkez G. Kuliýew adyndaky 2127-nji köçede, 71-nji jaýda, «MB» Söwda Merkezinde ýerleşer. Türkmenistanda 12-nji ýanwardan başlap, wizalyk resminamalaryň kabul edilmegi diňe öňünden ýazylmak arkaly amala aşyrylar.

Türkmenistanyň raýatlary wizalyk resminamalary onlaýn ulgam arkaly ýa-da wizalyk merkeziň ofisine şahsy ýüz tutmak bilen tabşyryp bilerler. Gateway International arkaly Türkmenistanda öň tabşyrylan ähli arzalar güýjünde galýar we bellenen tertipde garalar.

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda wizalyk düzgün 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri hereket edýär. Türkmenistanyň raýatlary syýahatçylyk, iş, okuw, işewürlik, tranzit we beýleki wizalaryň görnüşleri boýunça ýüz tutup bilerler. Talap edilýän resminamalaryň sanawy wizanyň görnüşine görä Türkiýe tarapynyň düzgünleri esasynda kesgitlenýär.

Mosaic Visa kompaniýasy Türkiýäniň konsullyk edaralary tarapyndan akkreditasiýa edilen. Türkmenistanda wizalyk merkezi hepdäniň duşenbe–anna günleri sagat 09:00-dan 17:00-a çenli, Remezan aýynda bolsa 09:00-dan 14:00-a çenli işlär. Wizanyň berilmegi ýa-da berilmezligi baradaky soňky çözgüdiň diňe konsullyk tarapyndan kabul edilýändigi aýratyn nygtalýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 75 41 02, 75 41 03, 75 41 04, 75 41 05, 75 41 06.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌