Oýun sanawy

Meşhur aktýor Çak Norris 86 ýaşynda aradan çykdy

24 Mart. 08:37

Çeşme

Tanymal amerikan aktýory Çak Norris 86 ýaşynda dünýäden ötdi. Ol esasan Gyňyr Uoker: tehasça adylkazyýetlilik serialyndaky keşbi bilen giňden tanaldy. Bu baradaky habar onuň maşgalasy tarapyndan sosial ulgamlarda paýlaşyldy we MIR 24 tarapyndan hem ýetirildi.

Öň berlen maglumatlara görä, aktýor Gawaý ştatynyň Kauai adasynda hassahana ýerleşdirilipdir. Şol döwürden öň ol henizem türgenleşik bilen işjeň meşgullanýan eken.

Norrisiň söweş sungatlaryna bolan gyzyklanmasy onuň Koreýadaky harby gullugy döwründe başlanýar. 1968-nji ýylda ol karate boýunça orta agramda dünýä çempiony boldy we bu derejesini bäş gezek gorady. 1974-nji ýylda nobatdaky ýeňşinden soň sport ýoluny tamamlaýar.

Oňa dünýä meşhurlygyny Kordell Uokeriň keşbi getirdi. Şeýle hem ol Aždarhanyň ýoly filminde Brýus Li bilen bile çykyş edip, başga-da köp sanly filmlerde surata düşdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌