Oýun sanawy

ABŞ-da grin-karta lotereýasy wagtlaýyn togtadyldy

19 Dek. 13:26

Çeşme

ABŞ-nyň häkimiýetleri grin-karta boýunça geçirilýän immigrasiýa lotereýasyny wagtlaýyn togtatmak kararyna geldi. Munuň sebäbi hökmünde Brauna uniwersitetinde bolan atyşyk bilen baglanyşykly şübheli adamyň ýurda hut şu programma arkaly gelenliginiň ýüze çykarylmagy görkezilýär. Bu barada ABŞ-nyň içeri howpsuzlyk ministri Kristi Noem habar berdi we kararyň Prezident Donald Trampyň tabşyrygy bilen kabul edilendigini aýtdy.

Ministr X sosial ulgamynda ýerleşdiren beýanatynda Raýatlyk we immigrasiýa gullugyna DV maksatnamasyny derrew togtatmak boýunça görkezme berendigini belläp, onuň ýurt raýatlarynyň howpsuzlygyna howp salýandygyny nygtady.

Resmi maglumatlara görä, wakada günäkär hasaplanýan 48 ýaşly portugaliýaly Klaudio Newis Walente 2017-nji ýylda grin-karta lotereýasynyň ýeňijisi hökmünde ABŞ-a gelipdir.

Atışyk 13-nji dekabr agşamy Rhode-Aýlend ştatynyň Providens şäherinde bolup geçdi. Şäher polisiýasynyň maglumatyna görä, bu wakada iki adam heläk boldy, dokuz adam bolsa ýaralandy.

Grin-karta (resmi ady — United States Permanent Resident Card) ABŞ-da hemişelik ýaşamak we kanuny esasda işlemek hukugyny tassyklaýan resminamadyr. Ony almagyň ýollarynyň biri 1990-njy ýyllardan bäri geçirilýän immigrasiýa lotereýasydyr. Bu maksatnama ABŞ-da az wekilçilik edilýän ýurtlardan gelen immigranlary çekmegi maksat edinýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌