Oýun sanawy


Putin ýurduň Döwlet Dumasyna saýlawlary 20-nji sentýabra belledi
18 Iýun. 04:18Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýurduň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň saýlawlaryny 2026-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda geçirmek barada permana gol çekdi. Bu barada Russiýanyň hukuk habarlarynyň resmi portalynda çap edilen resminama salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Dumanyň IX çagyrylyşynyň ygtyýarlylyk möhleti bäş ýyl, ýagny 2031-nji ýylyň sentýabryna çenli dowam eder. Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Ella Pamfilowa saýlawlardan öňki tapgyryň soňky ýyllarda iň çylşyrymly boljakdygyny aýtdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Şeýle hem okanyň


Aýlag ýurtlarynyň alty çäginde ýeke-täk syýahatçylyk wizasy girizilýär
09 Sen. 08:44Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine (GCC) girýän alty ýurt — Bahreýn, Kuweýt, Oman, Saud Arabystany, BAE we Katar daşary ýurtly syýahatçylar üçin birmeňzeş «GCC Grand Tourist Visa» ulgamyny çykarmaga taýýarlanýarlar. «Khaleej Times» neşiriniň habar berşi ýaly, täze wiza resminamasy syýahatçylara sebitiň ähli döwletlerine aýratyn wiza almazdan päsgelsiz girmäge mümkinçilik döreder.
Synag tapgyrynyň 2026-njy ýylyň soňky çärýeginde başlamagyna garaşylýan bu elektron wizanyň möhleti 30 günden 90 güne çenli bolup, bahasynyň 100–150 dollar aralygynda boljakdygy bellenilýär. Köpçülikleýin habar serişdelerinde «Arap Şengeni» diýlip hem atlandyrylýan bu taslama Aýlag sebitinde syýahatçylygy ösdürmekde hem-de döwletara hyzmatdaşlygy berkitmekde uly ädim bolar.