Oýun sanawy


Nýu-Deli howa menzilinde uçuş wagtynda adatdan daşary ýagdaý ýüze çykdy
27 Aprel. 10:13Indira Gandi adyndaky halkara howa menzilinde uçar heläkçiliginiň öňü alyndy. «Swiss International Airlines» awiakompaniýasyna degişli bolan uçar Nýu-Deliden Sýurih şäherine uçmaga taýýarlyk görýän mahaly, tehnikasynda agyr näsazlyk ýüze çykdy. Bu waka ýekşenbe güni gije bolup geçdi we gyssagly çäreleriň görülmegini talap etdi.
Howa gämisiniň hereketlendirijisinde dörän ýangyn sebäpli uçuş meýilnamasy doly togtadyldy. Şol wagt bortda jemi 232 adam bardy we olaryň ählisi adatdan daşary ýagdaýda uçardan çykaryldy. Wakanyň netijesinde alty sany ýolagçynyň dürli derejeli şikes alandygy mälim edildi. Şikes alan raýatlar gyssagly suratda şäheriň hususy hassahanalaryna ýerleşdirildi.
Hünärmenleriň we habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Airbus A330 kysymly bu uçar ýerli wagt bilen sagat 01:08-de asmana göterilmeli eken. Emma motordaky tehniki näsazlyk uly howpy döretdi. Häzirki wagtda howa menziliniň degişli gulluklary wakanyň sebäplerini anyklamak üçin giň gölemli barlag işlerine başladylar.
Halkara awiasiýa kadalaryna laýyklykda, heläkçilige uçran HB-JHK belgili uçar boýunça ýörite derňew topary döredildi. Degişli resmiler howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişini we tehniki gözegçilik gullugynyň işini gözden geçirýärler. Bu waka bilen bagly gutarnykly hasabat derňewler tamamlanandan soňra köpçülige ýetiriler.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.