Oýun sanawy

Gazagystanyň günbatarynda Eýfel diňiniň nusgasy dikeler

19 Maý. 04:32

Çeşme

Gazagystanyň günbatar sebitindäki oba ýerlerinde Parižiň meşhur simwolynyň binagärlik nusgasyny gurmak meýilleşdirilýär. Žalpaktal obasynda Eýfel diňiniň keşbini gaýtalaýan 30 metrlik metal gurnama oturdylar. Bu özboluşly taslamanyň başlangyç eýeleri ýerli mekdebiň öňki uçurymlary bolup, olar okuwy tamamlanlaryna bellenilýän ýubileý senesi mynasybetli oba sowgat etmegi karar etdiler.

Bu başlangyç ilatly nokatda emele gelen köp ýyllyk durmuş däbiň bir bölegidir. On ýyldan gowrak wagtyň dowamynda mekdebi tamamlanlaryna belli bir wagt geçen uçurymlar okuw ýylynyň ahyryna çenli öz dogduk mekanynyň keşbini gowulandyrmak üçin dürli düzümleýin we bezeg taslamalaryny amala aşyrýarlar. Bu däp arkaly ozal Žalpaktalda täze seýilgähler, çagalar meýdançalary, kiçi binagärlik heýkelleri we suw çüwdürimleri peýda boldy.

Şu ýyl üçin Ýewropa simwolynyň saýlanyp alynmagy bu däbiň taryhyndaky iň uly taslama boldy. Sebitdäki habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, guruljak desga 30 metr beýiklikde bolup, ol ýerli sebitde iň görnükli desgalaryň birine öwrüler. Gurluşygyň tehniki aýratynlyklary we gurnama işleriniň möhletleri jemgyýetçilik sowgady hökmünde başlangyç eýeleriniň özleri tarapyndan utgaşdyrylýar.

 

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌