Oýun sanawy


Louis Vuitton we Singer hyzmatdaşlykda eksklýuziw Porsche 911 sportkarlaryny hödürlediler
16 Awgust. 16:49Fransiýanyň dizaýnerlik öýi «Louis Vuitton» hem-de Kaliforniýanyň awtomobil sazlaşdyryjy «Singer» atelýesi bilelikdäki täze taslamanyň çäklerinde «Porsche 911» modeliniň binýadynda iki sany kaşaň sportkary tanyşdyrdylar. Bu taslama fransuz moda brendiniň awtomobil senagatyndaky ilkinji resmi hyzmatdaşlygy bolup taryha girdi.
Döredilen ulaglaryň ilkinjisi — zagpyran reňkli «Porsche 911 Reimagined by Singer — Classic» atly kupe modeli bolup, ol özboluşly nagyşlar bilen bezeldi. Ekinji modeli bolsa ak reňkdäki «Classic Turbo» kabrioleti bolup, munda «Louis Vuitton» brendiniň dizaýnerlik mekdebiniň özboluşly täsirleri we ýörite işlenip düzülen dizaýn çözgütleri ulanyldy.
Ulaglaryň salonlary doly modernizasiýa edilip, içerki bezeg işlerine şweýsar sagat öndürijisi «La Fabrique du Temps» kompaniýasynyň hünärmenleri hem gatnaşdylar. Merkezi konsola aýrylyp-dakylýan mehaniki sagatlar ýerleşdirildi, içki düwmeler rodiý örtükli metallar bilen çalşyryldy we oturgyçlar ýokary hilli tebigy deri bilen örtüldi. Şeýle hem brend tarapyndan bu modeller üçin ýörite çemodanlar toplumy we sport aksessuarlary taýýarlanyldy.
Tehniki aýratynlyklary boýunça kupe modeli 390 at güýjüne eýe bolan 4,0 litrlik atmosferaly motor bilen, kabriolet bolsa 510 at güýjündäki 3,8 litrlik turbokompressorly motor bilen enjamlaşdyryldy. Eýe bolan mehaniki tizlik geçiriji ulgamlary we özboluşly dizaýnlary bilen bu kolleksion modeller awtomobil dünýäsinde uly gyzyklanma döretdi.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.