Oýun sanawy


Ilon Mask 2027-nji ýylda ABŞ-daky her bir çaga SpaceX kompaniýasynyň paýnamasyny sowgat etmegi wada berdi
20 Okt. 10:39Amerikaly milliarder Ilon Mask 2027-nji ýylda ABŞ-da ýaşaýan her bir çaga özüniň «SpaceX» aerokosmos kompaniýasynyň bir paýnamasyny sowgat bermegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Bu barada telekeçi «X» sosial ulgamyndaky şahsy sahypasynda habar berdi diýip, «Business Insider» neşiri ýazýar. Maskyň aýtmagyna görä, paýnamalary paýlamak çäresi geljekdäki şeýle giň gerimli maýa goýum başlangyçlarynyň diňe ilkinji tapgyry bolar. Şol bir wagtyň özünde, telekeçi gymmatly kagyzlary bermegiň takyk tertibini, olary kimleriň alyp biljekdigini we haýsy şertleriň berjaý edilmelidigini entek jikme-jik mälim etmedi.
2002-nji ýylda döredilen «SpaceX» kompaniýasy raketa-kosmos tehnikalaryny işläp düzmek we «Starlink» global hemralaýyn internet aragatnaşyk ulgamyny dolandyrmak bilen meşgullanýar. «Business Insider» neşiriniň baha bermegine görä, milliarderiň bu yglan eden başlangyjy ABŞ-da ýaşaýan takmynan 72 million çaga göni täsir edip biler. «SpaceX»-iň paýnamalarynyň häzirki bazardaky bahasyny göz öňünde tutsaň, Maskyň çagalara paýlamagy meýilleşdirýän gymmatly kagyzlarynyň umumy bahasy takmynan 10,5 milliard dollara deň bolup durýar.
Häzirki wagtda ABŞ-da Prezident Donald Trampyň administrasiýasynyň «Trump Accounts» diýlip atlandyrylýan ýörite maksatnamasy hem hereket edýär. Ol çagalar üçin ilkinji maýa goýum hasaplaryny döretmegi göz öňünde tutup, 2025-nji ýyldan 2028-nji ýyl aralygynda doglan çagalara döwlet tarapyndan 1 000 dollar möçberinde ilkinji maýa goýum tölegini kepillendirýär. Häzirlikçe «SpaceX» paýnamalarynyň şol döwlet maksatnamasy arkaly geçiriljekdigi ýa-da munuň üçin aýratyn hususy mehanizmiň dörediljekdigi barada takyk maglumat berilmedi.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.