Oýun sanawy

Hytaýyň demirgazygynda gadymy ynsan nesliniň täze genetika şahasy ýüze çykaryldy

11 Aprel. 07:21

Çeşme

Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň hünärmenleri tarapyndan geçirilen ylmy barlaglar netijesinde, ýurduň demirgazyk böleginde müňlerçe ýyl ozal ýaşap, soňra taryh sahypasyndan öçüp giden ynsan nesliniň yzlary tapyldy. Dunhuli diýen ýerde geçirilen arheologik barlaglar wagtyň geçmegi bilen genetiki taýdan ýitip giden täze bir kowumyň bardygyny subut etdi. Alymlaryň bu açyşy Current Biology žurnalynda giňişleýin beýan edildi.

Gadymy adamlaryň galyndylaryndan alnan DNK nusgalary barlananda, olaryň mundan 19 müň ýyl ozal Amur derýasynyň töwereginde ýaşan adamlar bilen genetiki garyndaşlygynyň bardygy, ýöne düýbünden aýry bir şaha degişlidigi mälim boldy. Bu ynsanlaryň özboluşly nesil daragty bolup, olar öz döwrüniň medeni aýratynlyklaryny we zähmet gurallaryny ýasamak usullaryny asyrlar boýy üýtgetmän saklamagy başarypdyrlar. Şol bir ýerde tapylan dürli döwürlere degişli tapyndylar medeni dowamatlylygyň berk bolandygyny görkezýär.

Ylmy barlaglaryň netijeleri şol sebitde ýaşan adamlaryň wagtyň geçmegi bilen başga kowumlar tarapyndan çalşyrylandygyny görkezýär. Şol bir ýerlerde soňrak jaýlanan adamlaryň genetikasy mongol taýpalaryna has ýakyn bolup, bu ýagdaý gadymy nesilleriň kem-kemden ýitip gidendigine şaýatlyk edýär. Alymlar bu ýitip gitmegiň esasy sebäbini Buzluk döwründen soňky howanyň birden üýtgemegi we ekologiýa şertleriniň kynlaşmagy bilen düşündirýärler.

Howanyň sowamagy we kynlaşmagy sebäpli, bu gadymy adamlar has amatly ýerlere göçüp, beýleki taýpalar bilen garyşypdyrlar. Netijede, olaryň özbaşdak genetiki aýratynlygy häzirki zaman adamlarynyň genlerinde tas duş gelmeýän derejä ýetipdir. Bu täze açyş ynsanzat taryhynda entek öwrenilmeli köp sanly ýitip giden nesilleriň we olaryň dünýä ýüzüne ýaýraýyş ýollarynyň bardygyny ýene bir gezek tassyklady.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌