Oýun sanawy

Luwr muzeýi Ýewgeniýanyň täjiniň ogurlykdan soňky ýagdaýyny görkezdi

07 Few. 11:47

Çeşme

Luwr muzeýi mälim etdi, imperator zenan Ýewgeniýanyň täji ogurlyk wakasyndan zeper görse-de, onuň asyl gurluşygy saklanyp galandygyny we doly dikeldip boljakdygyny. 2025-nji ýylyň oktýabrynda jenaýatçylar muzeýden takmynan 88 million ýewro bahasyndaky gymmatbaha daşlary, şol sanda fransuz monarhlarynyň täjlerini ogurlapdyrlar.

Ogurlyk wagtynda täç ýere düşürilipdir, ýöne tiz wagtda tapyldy. Muzeý tarapyndan çap edilen suratlar zeperleri görkezýär: täji aýna witrinanyň deşiginden çykarmak synanyşygy döwründe ol deformirlenipdir. France 24 maglumatyna görä, täjiň üstindäki altyn burgutlaryň biri ýok, ýöne 56 sany zümerret we 1354 sany göwher we gymmatbaha daşlaryň tas ählisi öz ýerinde galypdyr.

Luwr muzeýi XIX asyra degişli bu täji doly dikeldip, öňki görnüşine getirip boljakdygyny aýtdy. Dikeldiş işleri muzeýiň ýolbaşçysy Lorans de Kar ýolbaşçylygyndaky ýörite komissiýa tarapyndan gözegçilik ediler.

Ogurlyk 2025-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda boldy. Jenaýatçylar muzeý açylmazdan öň, gurluşyk enjamlary we basgançaklar arkaly içeri girip, Apollon galereýasyna ýokary galdylar. Käbir şübhelenilenler tussag edilse-de, ogurlanan eksponatlaryň köpüsi henizem tapylmady.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌