Oýun sanawy

Slowakiýanyň Hökümet baştutany Zähmet gününde gijeki çalşykda işledi

02 Maý. 08:54

Çeşme

Slowakiýanyň Premýer-ministri Robert Fiso 1-nji maýda bellenilýän Zähmet güni mynasybetli özboluşly raýdaşlyk çäresine gatnaşdy. Ol ýurtda zähmet çekýän raýatlara bolan hormatyny iş ýüzünde görkezmek maksady bilen, gijeki çalşykda çörek bişirilýän kärhanada işledi. Hökümet baştutany bu gezek döwlet işlerinden wagtlaýyn daşlaşyp, adaty işçiniň gündelik zähmet şertleri bilen tanyş boldy.

Kärhanada bolan wagtynda Premýer-ministr ýük ulag sürüjisiniň kömekçisi wezipesini ýerine ýetirdi. Onuň gatnaşmagynda taýýarlanylan täze çörek önümleri sebitiň birnäçe söwda nokatlaryna we dükanlaryna wagtynda ýetirildi. Bu waka ýurduň günbatarynda ýerleşýän Banowse-nad-Bebrawo şäherindäki çörekhanalaryň birinde bolup geçdi.

Robert Fiso özüniň işçi maşgalasynda terbiýelenendigini ýatladyp, gijeki çalşyga gatnaşmagynyň zähmetkeş adamlaryň agyr zähmetine bolan çuňňur sarpasynyň nyşanydygyny belledi. Onuň sözlerine görä, şeýle başlangyçlar döwlet ýolbaşçylary bilen halkyň arasyndaky gatnaşyklary berkidýär we adaty raýatlaryň nähili şertlerde zähmet çekýändigini has gowy düşünmäge mümkinçilik berýär.

Bu çäre jemgyýetde uly gyzyklanma döretdi we döwlet işgärleriniň zähmet baýramyna bolan täzeçe çemeleşmesini görkezdi. Premýer-ministriň şahsy nusgasy zähmet düzgün-nyzamyny we işçileriň jemgyýetdäki ornuny dabaralandyrmaga gönükdirilen möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌