Oýun sanawy

Berlinde 13 ýaşly mekdep okuwçysy 2300 ýyllyk gadymy teňňäni tapdy

17 Aprel. 13:27

Çeşme

Germaniýanyň paýtagty Berliniň golaýynda ýerleşýän meýdançalaryň birinde 13 ýaşly mekdep okuwçysy tarapyndan taryhy ähmiýeti uly bolan tapyndi ýüze çykaryldy. Ellinizm döwrüne degişli bolan bu bürünç teňňäniň ýaşy takmynan 2300 ýyl diýlip çaklanýar. Bilermenleriň tassyklamagyna görä, bu seýrek duş gelýän şaýlyk biziň eýýamymyzdan öňki 281–261-nji ýyllar aralygynda, häzirki Türkiýäniň demirgazyk-günbatar sebitlerinde zikgelenipdir.

Taryhy tapyndynyň çeperçilik aýratynlyklary hem arheologlaryň ünsüni çekýär. Teňňäniň bir tarapynda Korinf tuwulgasyny geýen Afina hudaýynyň keşbi janlandyrylan bolsa, beýleki tarapynda naýzaly we ikli Afina şekillendirilipdir. Agramy 7 grama golaý we diametri 12 millimetr bolan bu bürünç önümi gadymy grek medeniýetiniň iň ajaýyp nusgalarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.

Hünärmenler bu wakanyň Berlin şäheriniň taryhynda birinji gezek hasaba alynan gadymy grek tapyndysydygyny aýratyn nygtaýarlar. Sebäbi mundan ozalky arheologik barlaglarda bu sebitden esasan Rim imperiýasynyň döwrüne degişli bolan gymmatlyklar ýüze çykarylýardy. Tapyndynyň ýüze çykan ýeri bolan gonamçylyk meýdançasyndan ozal hem keramika we bürünçden ýasalan dürli taryhy önümleriň tapylandygy mälimdir.

Mekdep okuwçysy öz tapan taryhy gymmatlygyny hünärmenlere dabaraly ýagdaýda tabşyrdy we bu asylly ädim alymlar tarapyndan ýokary bahalandyryldy. Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu teňňe öz wagtynda diňe bir söwda däl, eýsem dürli dini däp-dessurlary berjaý etmek maksady bilen hem ulanylyp bilner. Häzirki wagtda bu gadymy şaýlyk Berlindäki PETRI arheologiýa merkezinde hemişelik saklanmak we sergilenmek üçin ýerleşdirildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌