Oýun sanawy

Maldiw adalarynda ýyrtyjy akulanyň hüjümi netijesinde syýahatçy agyr şikes aldy

18 Aprel. 04:45

Çeşme

Maldiw adalarynda dynç alýan daşary ýurtly syýahatçy ýyrtyjy balygyň hüjümine sezewar boldy. Ispaniýadan gelen lukman aýaly bilen bilelikde täze çatynjalaryň syýahatyny amala aşyrýan mahaly, suwasty gezelenç wagtynda garaşylmadyk hadysa ýüze çykdy. Ýyrtyjy akulanyň duýdansyz topulmagy netijesinde erkek kişi agyr şikeslenip, gyssagly lukmançylyk kömegine mätäç boldy.

Waka balyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhananyň golaýynda, syýahatçylar toparynyň suwa düşýän ýerinde bolup geçdi. Ejir çekýän şahsy dessine ýerli hassahana ýerleşdirdiler. Lukmanlaryň ähli tagallalaryna garamazdan, syýahatçynyň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy we ýyrtyjynyň dişlemegi netijesinde şikeslenen aýagynyň hirurgiki usul bilen kesilendigi habar berilýär.

Hünärmenleriň we ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, bu çäkde akulalaryň köp bolmagy balyk zawodynyň galyndylary bilen baglanyşyklydyr. Birnäçe wagtlap zawoddan suwa iýmit galyndylarynyň akdyrylmazlygy ýyrtyjylaryň aşa aç galmagyna we agressiwleşmegine sebäp bolupdyr. Şeýle hem, syýahatçylaryň suwdaky gaty sesleriniň we hereketleriniň ýyrtyjy balyklary gaharlandyran bolmagy ähtimal diýlip çaklanylýar.

Bu pajygaly waka Maldiwlerde dynç alýanlar üçin howpsuzlyk çäreleriniň ähmiýetini ýene bir gezek ýatlatdy. Syýahatçylyk gulluklary ýyrtyjylaryň jemlenen ýerlerinde suwa düşmegiň töwekgelçiliklerinden duýdurýarlar. Häzirki wagtda bolan waka boýunça goşmaça barlaglar alnyp barylýar we dynç alyş zolaklarynda gözegçilik güýçlendirilýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌