Oýun sanawy

Hytaýyň demografik peselişi: On ýylda 60 milliona golaý adam azalmagy mümkin

30 Aprel. 13:59

Çeşme

«South China Morning Post» neşiri «Rhodium Group» barlag merkeziniň maglumatlaryna salgylanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň ilat sanynyň geljek on ýyllykda düýpli azaljakdygy barada habar berýär. Çaklamalara görä, ilatynyň azalmak möçberi takmynan 60 million adama ýetip biler. Bu görkeziji Fransiýa ýaly uly döwletiň umumy ilatyna deň bolup, Hytaýyň durmuş-ykdysady ösüşine uly täsirini ýetirer.

Ilat sanynyň aşaklamagyna ilkinji nobatda dogluşyň derejesiniň yzygiderli peselmegi sebäp bolýar. 2025-nji ýylda dünýä inen çagalaryň sany 7,92 milliona deň bolup, bu görkeziji 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 17 göterim azdyr. Eýýäm dört ýyl bäri dowam edýän bu ýagdaý durmuşyň gymmatlamagy, ýaşaýyş jaý şertleriniň kynlaşmagy we ýaşlaryň maşgala gurmaga bolan garaýşynyň üýtgemegi bilen düşündirilýär.

Demografik krizis eýýäm ýurduň maliýe ulgamyna öz täsirini görkezip başlady. 2025-nji ýylda döwlet býujetinden durmuş üpjünçiligi gaznalaryna berlen maliýe kömegi 2,5 trillion ýuana (takmynan 425 milliard dollar) ýetdi. Bu serişde ýurduň umumy býujetiniň 10,1 göteriminden gowragyny düzýär. Ilatynyň garalmagy we işjeň gatlagyň azalmagy bilen döwletiň sosial harajatlarynyň geljekde has-da artmagyna garaşylýar.

Mundan başga-da, ilat sanynyň kemelmegi ykdysadyýetiň karzlaşdyryş ulgamyna hem täsir eder. «Rhodium Group» bilermenleriniň bellemegine görä, müşderileriň we işçi güýjüniň azalmagy karz bazaryndaky işjeňligiň peselmegine hem-de göterim stawkalarynyň üýtgemegine getirer. Bu ýagdaý dünýäniň iň uly ykdysadyýetleriniň biri üçin täze strategik çemeleşmeleri talap edýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌