Oýun sanawy


Ispaniýada arheologiýa muzeýinden köp mukdarda altyn hazyna ogurlandy
28 Awgust. 10:36Ispaniýanyň Wilýena şäherindäki MUVI arheologiýa muzeýinde 27-nji awgustda uly ogurlyk hadysasy boldy. Daňdan sagat 5:20 töweregi näbelli jenaýatkärler muzeýe girip, bürünç eýýamyna degişli meşhur «Wilýena hazynasynyň» agramly bölegini alyp gaçdylar. Signalizasiýa işlänsoň duýduryş gullugy 4 minudyň dowamynda wakanyň bolan ýerine gelse-de, ogrylar eýýäm gitmäge ýetişipdirler.
«El País» neşiriniň habar berşi ýaly, talanan gymmatlyklaryň umumy agramy 10 kilograma golaý bolup, olaryň hatarynda altyn we demir bilezikler, çanaklar,gap-gaçlar hamala şa hasasynyň bezedilen bölekleri bar. Alikante welaýatynyň häkimiýetleri muzeýe gaty uly zyýan ýetendigini bellenip geçdiler. Polisiýa tarapyndan derňew işleri alnyp barylýar, ýöne häzirlikçe şübhä düşülen adamlar ele düşmedi.
Bu kolleksiýa Pireneý ýarymadasynyň bürünç eýýamyna degişli iň gymmatly arheologik tapyndylarynyň biri saýylýar.
Şeýle hem okanyň


Russiýanyň paýtagtynda iň uzak ýaşly ýaşaýjylaryň ýaş görkezijileri aýan edildi
10 Sen. 08:16Moskwa şäherinde häzirki wagtda iň uly ýaşly zenan ýaşaýjynyň 108 ýaşy, iň uly ýaşly erkek ýaşaýjynyň bolsa 105 ýaşy doldy. Bu barada şäheriň Zähmet we ilaty sosial taýdan goramak edarasyna salgylanmak bilen «Gazeta.ru» neşiri habar berýär.
Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, Moskwada ortaça ömür dowamlylygy 2026-njy ýylda 80 ýaşdan gowrak bolar. Ýaşaýjylaryň ömür dowamlylygynyň mundan beýläk-de artmagy öňüni alyş lukmançylygynyň kämilleşmegi, emeli aň tilsimleriniň ornaşdyrylmagy hem-de şäher infrastrukturasynyň ösmegi bilen baglanyşdyrylýar.
Russiýa Federasiýasy boýunça ilatyň iň uzak ýaşaýan sebitleriniň sanawynda Inguşetiýa Respublikasy birinji orny eýeleýär. Şeýle hem ýokary görkezijili sebitleriň hataryna Dagystan, Moskwa şäheri, Kabardin-Balkar we Garaçaý-Çerkez respublikalary girdi.