Oýun sanawy

Hytaýda syýahatçylar $30 töläp, kinonyň baş gahrymanyna öwrülip bilýärler

05 Sen. 09:06

Çeşme

Dünýäniň iň uly kinostudiýalarynyň biri bolan Hytaýdaky Hengdian World Studios syýahatçylara öz gatnaşmagynda gysga göwrümli film düşürmek hyzmatyny hodürledi. Awgust aýyndan bäri elýeterli bolan bu xyzmatyň bahasy adam başyna 30 dollardan ($58 grim we saç bilen) başlap, toparlaýyn düşürilişler üçin 1780 dollara çenli ýetýär. Professional režissýorlaryň ýolbaşçylygynda syýahatçylar ssenariýa laýyklykda öz ussatlyklaryny synap görýärler.

Bu täze ugur diňe bir syýahatçylary özüne çekmän, eýsem emeli aňyň ösmegi sebäpli adaty kinosanalaryň azalmagyndan ejir çekýän rejissýorlar üçin hem goşmaça gazanç çeşmesine öwrüldi. Hytaýyň kinopudagynda gysga filmleriň 95 göteriminiň emeli aň arkaly döredilýän döwründe, studiýa günde 20-ä golaý syýahatçylyk filmlerini düşürmek bilen işjeňligini saklaýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌