Oýun sanawy

Mişel Baçelet BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlansa, Düzgünnamany berk berjaý etjekdigini nygtady

23 Aprel. 17:04

Çeşme

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary wezipesine dalaşgär Mişel Baçelet resmi diňlenişikleriň dowamynda guramanyň Düzgünnamasynyň ähmiýeti barada çykyş etdi. Ol guramanyň her bir edarasynyň Milletler Bileleşiginiň esasy resminamasynda bellenen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde hereket etmelidigini belledi. Baçelet eger bu ýokary wezipä saýlansa, Baş Assambleýanyň we beýleki düzümleriň kabul eden ähli kararlaryny bölekleýin däl-de, doly we takyk ýerine ýetirjekdigine söz berdi.

Baçelet bu barada Russiýanyň hemişelik wekilhanasynyň wekili Dina Gilmutdinowanyň beren sowallaryna jogap beren wagty aýtdy. TASS habarlar gullugynyň maglumatyna görä, dalaşgär öz maksatnamasynda halkara hukugynyň kadalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine we guramanyň agza döwletleriň öňündäki jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berýär. Bu diňlenişikler dalaşgärleriň öz garaýyşlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekleri üçin möhüm platforma bolup hyzmat edýär.

BMG-niň Baş sekretarynyň wezipesine dalaşgärleriň köpçülikleýin diňlenişikleri 2026-njy ýylyň 21-nji aprelinde badalga aldy. Saýlawlaryň özi bolsa şu ýylyň iýul aýynda geçiriler. Häzirki Baş sekretar Antoniu Guterrişiň 2017-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän ygtyýarlylyklary 2026-njy ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanýar. Täze saýlanjak ýolbaşçy dünýädäki häzirki zaman wehimlerine garşy durmakda guramanyň işini utgaşdyrmaga jogapkär bolar.

Häzirki wagtda bu abraýly wezipä dört sany meşhur syýasatçy dalaş edýär. Olar: Çiliniň öňki Prezidenti Mişel Baçelet, ÝUNKTAD-yň baş sekretary Rebekka Grinspan (Kosta-Rika), MAGATE-niň baş direktory Rafael Grossi (Argentina) we Senegalyň öňki Prezidenti Maki Sal. Dalaşgärleriň maksatnamalarynyň dürlüligi we olaryň halkara tejribesi BMG-niň geljekki ösüş ugurlaryny kesgitlemekde uly ähmiýete eýedir.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌