Oýun sanawy

Hindistanda pajygaly ýol heläkçiligi: 20 adam gurban boldy

21 Aprel. 05:23

Çeşme

Hindistanyň demirgazygyndaky Jammu we Kaşmir ştatynyň Udhampur etrabynda ýolagçy awtobusynyň gatnaşmagynda agyr ýol-ulag hadysasy hasaba alyndy. Daglyk ýol bilen barýan awtobusyň dolandyryşy ýitirip, jülgä agmagy netijesinde azyndan 20 adam ýogaldy we 36-dan gowrak adam dürli derejeli şikesler aldy.

Waka bolan ýerine tiz kömek we halas ediş gulluklarynyň wekilleri gelip, ejir çekenleri harabaçylygyň arasyndan çykardylar. Şikes alan ýolagçylar gyssagly suratda iň ýakyn hassahanalara ýerleşdirildi. Lukmanlar käbir ýaralylaryň ýagdaýynyň agyrdygy sebäpli, pidalaryň sanynyň artmagyndan gowşandylar.

Häzirki wagtda heläkçiligiň sebäplerini anyklamak boýunça derňew işleri alnyp barylýar. Deslapky seljermelere görä, pajyga dag ýollarynyň çylşyrymlylygy, awtobusyň tehniki taýdan könelmegi ýa-da sürüjiniň säwligi sebäp bolup biler. Bu sebitde ýollaryň darlygy we belent daglyk şertleri köplenç şeýle howply ýagdaýlara getirýär.

Ýerli häkimiýetler wepat bolanlaryň maşgalalaryna duýgudaşlyk bildirdiler. Hindistanyň bu sebitinde ýol howpsuzlygyny üpjün etmek we tehniki gözegçiligi güýçlendirmek meseleleri ýene-de bir gezek gün tertibine geldi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌