Oýun sanawy


RF-niň Döwlet Dumasynda pasporty täzelemek ýaşyny üýtgetmek teklip edildi
20 Aprel. 09:54Russiýanyň parlamenti bolan Döwlet Dumasynda raýatlaryň şahsyýetnamasyny çalyşmagyň tertibine täze üýtgetme girizmek baradaky başlangyç öňe sürüldi. Täze teklibe görä, Russiýanyň raýatlary 60 ýaşlary dolanda pasportlaryny gaýtadan täzelemeli bolarlar. Dumanyň deputaty Igor Antropenkonyn sözlerine görä, bu çäre ýurtda adamyň ortaça ömür dowamlylygy 74,2 ýaşa çenli ýokarlanandygy sebäpli zerurlyk bolup durýar.
Häzirki wagtda Russiýada pasportlar iň soňky gezek 45 ýaşda çalşylýar we şondan soňra resminama möhletsiz hasaplanýar. Emma hünärmenler adamyň daş keşbiniň 45 ýaşdan 60 ýaşa çenli bolan aralykda uly özgermelere sezewar bolýandygyny belleýärler. Bu ýagdaý bolsa, aýratyn-da, aeroportlarda, demir ýol menzillerinde ýa-da banklarda şahsyýeti anyklamak işlerini kynlaşdyrýar.
Teklip edilýän täze düzgün raýatlaryň resminamasyndaky suratynyň olaryň hakyky keşbi bilen laýyk gelmegini üpjün etmäge gönükdirilendir. Deputat 60 ýaşda pasportyň täzelenmeginiň dürli hyzmatlar alnanda ýüze çykyp biljek düşünişmezlikleriň öňüni aljakdygyny nygtady. Bu başlangyç raýatlara edilýän hyzmatlaryň hilini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Ýatladyp geçsek, häzirki wagtda Russiýanyň kanunçylygy raýatlara 14, 20 we 45 ýaşlarda pasportlaryny çalyşmagy borçly edýär. Täze teklibiň kabul edilen ýagdaýynda, 60 ýaş hem bu sanawa goşular. Häzirki wagtda bu mesele degişli komitetlerde hünärmenleriň we kanunçykaryjylaryň arasynda ara alnyp maslahatlaşylýar.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.