Oýun sanawy

Hytaý startaplary dünýä tehnologiýasynyň liderleriniň arasynda orun alýar

25 Okt. 12:17

Çeşme

 

 

Hytaý tehnologiýa ulgamynda täze mümkinçilikleriň merkezine öwrülip, emeli intellekt, robototehnika we awtonom ulgamlarda öňdebaryjy başlangyçlary döredýär. Döwlet täze inženerleri taýýarlamaga, innowasiýalara maýa goýmaga we giň göwrümli ylmy-täjirçilik infrastrukturasyny döretmäge aýratyn üns berýär.

CB Insights guramasynyň maglumatlaryna görä, Hytaý dünýäde iň köp «ýeňilmedik» startaplara eýe ýurtlaryň hatarynda. Bu kompaniýalar Günbatar derejesindäki çözgütleri hödürleýärler, ýöne ýerli bazaryň talaplaryna laýyklaşdyrylan görnüşde.

Iň öňdebaryjy kompaniýalaryň käbiri:

  • Mech-Mind Robotics (Pekin, 2016) — önümçilik awtomatizasiýasy üçin kompýuter görme ulgamlaryny döredýär; onuň çözgütlerini JD.com we Siemens ulanýarlar.

  • Zhipu AI (Z.ai) — Tsinghua uniwersitetinde döredilen we uly dil modellerini işläp düzýär; onuň GLM-4 modeli GPT-4 bilen deňeşdirilýär we hytaý diline laýyklaşdyrylan. Maýadarlary — Alibaba, Tencent we Ant Group.

  • Pony.ai (2016) — awtonom ulag tehnologiýalarynyň öňdebaryjysy bolup, Toyota bilen hyzmatdaşlykda robotaksi ulgamlaryny Hytaýda we Kaliforniýada synap görýär.

  • Megvii (Face++) (2011) — kompýuter görme tehnologiýasynyň öňbaşysy, onuň önümleri «akylly şäher» we howpsuzlyk ulgamlarynda giňden ulanylýar.

  • Kuang-Chi (Şençzhen) — aragatnaşyk, aerokosmos, lukmançylyk we metamatematika ugurlarynda işleýän köpugurly kompaniýa.

Bilermenleriň pikiriçe, Hytaýyň startaplary indi diňe dünýä tendensiýalaryny yzarlamaýar — olar global innowasiýalaryň ugruny kesgitleýän güýje öwrüldi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌