Oýun sanawy


Türkmenistanda ýapon dilinden halkara JLPT synagy geçiriler
23 Mart. 10:52Türkmenistanda ýapon diliniň derejesini kesgitleýän halkara synag — JLPT (Japanese Language Proficiency Test) 2026-njy ýylyň 5-nji iýulynda geçiriler. Synag Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Goşmaça we üznüksiz bilim» okuw merkezinde guralar.
JLPT dünýäde ýapon dilini bilmek derejesini anyklamak boýunça iň abraýly halkara synaglaryň biri bolup, onuň netijeleri daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri we iş berijileri tarapyndan giňden ykrar edilýär.
Synaga gatnaşmak üçin arzalar 24–31-nji mart aralygynda kabul ediler. Arzalar «Goşmaça we üznüksiz bilim» okuw merkezinde kabul edilýär.
Okuw merkeziniň iş wagty:
Duşenbe – Anna günleri: 09:30 – 13:00, 14:00 – 18:00
Şenbe güni: 09:30 – 14:30
Ýekşenbe güni — dynç güni
Synag bäş derejede geçirilýär: N5, N4, N3, N2 we N1. Her bir dereje üçin töleg 100 manat bolup, töleg arza tabşyrylanda kabul edilýär.
Bu synagyň geçirilmegi Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurtlarda bilim almak we halkara zähmet bazarynda öz mümkinçiliklerini giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Goşmaça maglumat üçin:
+993 62 067058
+993 62 251589
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Şeýle hem okanyň