Oýun sanawy

Türkiýäniň Göbekli-Tepe gadymy ýadygärliginde 12 müň ýyllyk dini heýkel tapyldy

23 Sen. 08:07

Çeşme

Türkiýäniň günorta-gündogar sebitindäki Göbekli-Tepe diýen gadymy ybadathana toplumynda geçiriş işleri wagtynda arheologlar 12 müň ýyl öňki adamlaryň dini nyşany bolup durýan heýkeli ýüze çykardylar.

Bu açyş barada ýurduň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý habar berdi. Onuň sözlerine görä, tapylan heýkel neolit döwrüniň ynançlaryny we rituallaryny has gowy düşündirmäge kömek eder.

Heýkel binanyň diwaryna ýatyk ýagdaýda ýerleşdirilipdir we arheologlar muny gurban beriş däp-dessury bilen baglanyşdyrýarlar. Tapyndy toplumyň B we D bölekleriniň arasynda ýüze çykaryldy. Heýkeliň kellesi we döş bölegi saklanyp galan, aýaklary bolsa ýok — munuň sebäbi wagtyň geçmegi bilen zaýalanmak ýa-da ýörite aýrylmak bolup biler diýip, Anadolu agentligi habar berýär.

Göbekli-Tepe häzirki wagtda dünýäde iň gadymy dini toplum hasaplanylýar — ol Stoунhenjdеn 6 müň ýyl, Müsür piramidalaryndan bolsa 7 müň ýyl öň bina edilipdir. Alymlar ony b.e.ö. 9600 – 8200-nji ýyllar aralygynda gurlandyr diýip çaklaýarlar.

2018-nji ýyldan bäri bu toplum UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär. Toplumda diametri uly tegelek gurluşlar, uzynlygy 6 metre, agramy bolsa 10 tonna çenli ýetýän T görnüşli daş sütünler ýerleşýär. Bu sütünleriň ýüzünde haýwanlaryň şekilleri we abstrakt nyşanlar çyzylan. Alymlar bu açyşlaryň irki jemgyýetleriň arhitektura we astronomiýa bilen çuňňur gyzyklanandygyny görkezýändigini belleýärler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌