Oýun sanawy

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklar täze basgançaga çykarylýar

11 Aprel. 06:43

Çeşme

Paýtagtymyzda geçirilen işjeň gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda bilim we ylym ugrunda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollary seljerildi. Iki ýurduň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçy wekilleriniň gatnaşmagynda bolan duşuşykda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeleri we bu ugurdaky tejribe alyşmagyň ähmiýeti nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda häzirki zaman bilim usulyýetini kämilleşdirmek, esasanam, sanly tehnologiýalary hem-de emeli aňy okuw işine giňden ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar sanlylaşdyrmak işiniň bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmakdaky we ýaş hünärmenleriň dünýä derejesindäki täze bilimlere eýe bolmaklaryndaky ornuna ýokary baha berdiler.

Ikitaraplaýyn duşuşygyň çäklerinde geljekde durmuşa geçiriljek bilelikdäki taslamalaryň we meýilnamalaryň ugurlary kesgitlenildi. Taraplar ylmy-barlag işlerinde, mugallymlaryň we talyplaryň özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde uly mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar. Bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy goşny ýurtlaryň bilim düzümleriniň özara baýlaşmagyna ýardam eder.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça bilim ulgamyndaky möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilen anyk teklipler işlenip taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, ylym-bilim ugry boýunça alnyp barylýan bu hyzmatdaşlyk iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da berkemegine hyzmat eder. Öňde goýlan maksatlar geljekde netijeli ylmy gatnaşyklaryň binýadyny döretmäge gönükdirilendir.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌