Oýun sanawy


Türkmenistanyň we Italiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk ylalaşygy baglaşyldy
23 Aprel. 11:06Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Italiýanyň Kýeti we Peskara şäherleriniň Gabriele d’Annumsio uniwersitetiniň arasynda onlaýn arkaly Hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga gol çekildi. Bu resminama iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmak we bilim ulgamyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder. Şeýle hyzmatdaşlyk türkmen bilim ulgamynyň dünýä giňişligine işjeň goşulmagyna ýardam berýär.
Ylalaşygyň çäklerinde iki uniwersitetiň arasynda talyplary we mugallymlary alyşmak, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek hem-de okatmagyň döwrebap usulyýetini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Italiýaly professorlar türkmen talyplary üçin ýöriteleşdirilen okuw sapaklaryny gurar, bu bolsa ýaş hünärmenleriň dünýä tejribesini özleşdirmegine mümkinçilik döreder. Şeýle-de, taraplar halkara ylmy maslahatlaryna we okuw çärelerine özara gatnaşmagy meýilleşdirýärler.
Gabriele d’Annumsio uniwersiteti Italiýanyň iň abraýly bilim ojaklarynyň biri bolup, taryh, inženerçilik, arhitektura we medisina ýaly ugurlarda dünýä derejesindäki ylmy merkez hasaplanýar. Bu uniwersitet bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ylmy mümkinçiliklerini giňeltmäge we innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga uly goşant goşar. Italýan tejribesi ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm orun tutar.
Resminamanyň aýratyn ähmiýetli ugurlarynyň biri hem arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak bilen baglydyr. Kýeti-Peskara uniwersitetiniň bu ugurda Merkezi Aziýada alyp barýan giň gerimli barlaglary türkmen taryhyny we medeniýetini öwrenmekde täze sahypalary açar. Iki ýurduň alymlarynyň medeni mirasy gorap saklamak boýunça alyp barjak bilelikdäki işleri türkmen-italýan medeni gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna hyzmat eder.
Şeýle hem okanyň


Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi
Bugün 08:31Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.
Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.
Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.