Oýun sanawy


Astananyň ýokary okuw mekdebinde türkmen talyplarynyň başlangyjy bilen «tegelek stol» geçirildi
19 Mart. 08:52Düýn Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanadaky L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanan «tegelek stol» maslahaty geçirildi. Bu çäre şol ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen talyplarynyň özbaşdak başlangyjy we guramaçylygy esasynda amala aşyryldy. Maslahat «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan – pederleriň arzuwlan ak menzilleri» diýen ruhubelent şygar astynda geçip, oňa uniwersitetiň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar düzümi hem-de köpsanly talyplar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan ägirt uly üstünlikleri we parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň esasy ugurlary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet ýaşlar syýasatynyň çäklerinde amala aşyrylýan özgertmelere, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy we ylma bolan höwesini artdyrmak ugrunda döredilýän şertlere aýratyn üns çekildi. Bu maslahat türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlarda öz Watanyna bolan buýsanjyny we wepalylygyny görkezmekde möhüm meýdança boldy.
Türkmen talyplary öz çykyşlarynda Gazagystanda alýan bilimleriniň geljekde Türkmenistanyň ösüşine uly goşant boljakdygyny nygtadylar. Olar halkara akademik hyzmatdaşlygyň ösmegine işjeň gatnaşjakdyklaryna we iki goňşy halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkidýän «ynsanperwer ilçiler» hökmünde çykyş etjekdiklerine ynandyrdylar. Talyplaryň çykyşlarynda Watan mukaddesligi, ene dili we milli gymmatlyklaryň ähmiýeti baradaky pikirler dabaralandy.
Çäräniň ahyrynda uniwersitetde okaýan daşary ýurtly talyplar we mugallymlar häzirki zaman türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ýokary derejesine ýokary baha berdiler. Gatnaşyjylar bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň geljegini ýakynlaşdyrýan iň ygtybarly köprüdigini bellediler. Hoşniýetli goňşuçylyk we özara ynam ýörelgelerine esaslanýan bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkemegine hyzmat eder.
Şeýle hem okanyň


Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi
Bugün 08:31Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.
Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.
Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.