Oýun sanawy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Finlýandiýanyň öňdebaryjy bilim ojaklary bilen hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

25 Iýun. 10:38

Çeşme

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (HÝY we ÖU) bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş institutynyň hem-de Laurea Amaly Ylymlar uniwersitetiniň arasynda göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu resminama Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň arasyndaky ylmy-bilim gatnaşyklaryny täze hilde baýlaşdyrmaga we sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen möhüm ädim boldy.

Gol çekilen Ähtnama ýokary bilim, ylmy-barlag işleri, akademiki alyş-çalyş maksatnamalary hem-de mugallymlaryň we talyplaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek ugurlarynda taraplaryň mümkinçiliklerini birleşdirer. Bu innowasion başlangyçlar ýurtda kabul edilen «Türkmenistanda ýokary hünär bilimi ösdürmegiň 2026—2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem aýdyň subutnamasydyr.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌