Oýun sanawy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky uniwersitetde informatika boýunça IV halkara olimpiada jemlendi

21 Aprel. 08:37

Çeşme

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 15–16-njy aprel günlerinde informatika boýunça IV Halkara açyk internet-olimpiadasy geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek we ýaş zehinleri halkara derejesinde ýüze çykarmak ugrunda guralýan dördünji şeýle giň gerimli bäsleşikdir. Olimpiada gatnaşyjylaryň sany we olaryň wekilçilik edýän ýurtlarynyň geografiýasy bäsleşigiň abraýynyň ýyl-ýyldan artýandygyny görkezdi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habaryna görä, bu gezekki olimpiada dünýäniň 17 döwletiniň 57 sany abraýly ýokary okuw mekdeplerinden 793 sany talyp gatnaşdy. Gatnaşyjy ýurtlaryň hatarynda Hytaý, Germaniýa, Türkiýe, Rumyniýa we Merkezi Aziýa döwletleri bar. Şeýle köp sanly ýokary okuw mekdebini bir meýdançada jemlemek talyplaryň arasynda tejribe alyşmaga we dostlukly gatnaşyklary berkitmäge ýardam etdi.

Olimpiadanyň tabşyryklary häzirki zaman informatika ylmynyň iň çylşyrymly ugurlaryny öz içine aldy. Talyplar algoritmik programmirleme, uly maglumatlar bilen işlemek, emeli aň ulgamlaryny işläp düzmek we kiberhowpsuzlygy üpjün etmek ýaly ugurlar boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň şahsy tertipde geçirilmegi her bir talybyň özbaşdak ylmy-döredijilik ukybyny açyp görkezmäge mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň talyplary bu halkara bäsleşikde uly üstünlik gazanyp, baýrakly orunlaryň köpüsine mynasyp boldular. Hususan-da, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Nebit we gaz uniwersitetiniň, Döwlet energetika institutynyň we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary ýokary netijeleri görkezdiler. Bu üstünlikler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň dünýä derejesine laýyk gelýändigini subut edýär.

Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň arasynda hem Gazagystanyň, Özbegistanyň we Belarusyň talyplary ýokary ussatlyk görkezip, I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglandylar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan guralan bu olimpiada halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde we geljekki IT hünärmenleriniň kemala gelmeginde ähmiýetli ädim boldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌