Oýun sanawy

Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk instituty Hytaýyň döwrebap bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrar

13 Maý. 07:28

Çeşme

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze gurulýan binalar toplumynyň ylmy-barlamhana binýady Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy tejribeleri esasynda enjamlaşdyrylar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Hytaýyň iri ylym-bilim merkezlerine iş saparyny amala aşyrdylar. Saparyň barşynda hytaýly hünärmenleriň täze nesil barlamhana enjamlaryny okuw işinde ulanmak baradaky tejribeleri jikme-jik öwrenildi.

Iş saparynyň meýilnamasyna laýyklykda, türkmen wekiliýeti Pekiniň we Şandunyň pedagogika uniwersitetlerinde bolup, ol ýerdäki sanly bilim gurşawy bilen tanyşdylar. Esasy üns täze binalar toplumynda gurnaljak döwrebap barlamhanalaryň maddy-tehniki üpjünçiligini kämilleşdirmäge we innowasion enjamlaryň netijeli ulanylyşyny ýola goýmaga gönükdirildi. Şeýle hem enjamlary öndürýän kärhanalarda bolan duşuşyklar hünärmenlere täze tehnologiýalaryň aýratynlyklaryny öndürijiniň özünden öwrenmäge mümkinçilik berdi.

Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň barlamhana we ylmy-usulyýet tejribesiniň özleşdirilmegi institutyň ylmy kuwwatyny has-da artdyrmaga ýardam eder. Bu başlangyç sanly bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmak bilen bir hatarda, talyplar üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän okuw şertlerini döretmäge gönükdirilendir. Döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy geljekki mugallymlaryň professional taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Täze binalar toplumynyň işe girizilmegine täze okuw ýylynyň ilkinji günlerinde garaşylýar. Institutyň maddy-tehniki binýadynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy ýurduň bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak baradaky döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm ädim bolar. Halkara tejribäniň we innowasion çözgütleriň utgaşdyrylmagy ýokary okuw mekdebiniň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün edýän esasy faktorlaryň biridir.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi

Bugün 08:31

Çeşme

Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.

Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.

Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌