Oýun sanawy


Aşgabadyň Fransuz instituty maý aýy üçin ýöriteleşdirilen okuw maksatnamalaryny yglan edýär
24 Aprel. 05:18Paýtagtymyzda ýerleşýän Fransuz instituty maý aýynyň dowamynda fransuz dilini kämilleşdirmek isleýän raýatlar üçin dürli ugurlar boýunça gysga möhletli okuwlary guraýar. 2-nji maýdan 31-nji maý aralygynda geçiriljek bu sapaklar dil öwrenijileriň başlangyç basgançaklaryndan başlap, iň ýokary derejelere çenli bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga niýetlenendir. Maksatnama diňe bir dil öwrenmek däl, eýsem medeni we edebi bilimleri baýlaşdyrmaga hem gönükdirilendir.
Maksatnamanyň çäklerinde amaly endikleri ösdürmäge uly üns berilýär. Dil öwrenijiler üçin dilden aragatnaşyk, gündelik gepleşik dili we dogry talaffuz (fonetika) boýunça aýratyn okuw tapgyrlary teklip edilýär. Mundan başga-da, grammatikany çuňlaşdyryp öwrenmek isleýänler hem-de fransuz edebiýaty bilen gyzyklanýan ýetginjekler üçin ýöriteleşdirilen gurnaklar hem-de sapaklar tejribeli hünärmenler tarapyndan alnyp barlar.
Her bir ugur boýunça okuwlar 20 akademiki sagatdan ybarat bolup, olar esasan dynç alyş günlerine meýilleşdirilendir. Bu bolsa okaýan ýa-da işleýän raýatlaryň öz wagtyny netijeli peýdalanmagyna şert döredýär. Okuw tapgyrlarynyň bahasy ähli ugurlar üçin durnukly bellenilip, materiallary doly we ulgamly özleşdirmäge mümkinçilik berýän usulyýet esasynda guralýar.
Hasaba alyş işleri aprel aýynyň ahyryna çenli dowam edip, gyzyklanma bildirýänler institutyň binasynda ýa-da görkezilen telefon belgileri arkaly ýazylyp bilerler. Okuwlar paýtagtyň merkezi böleginde ýerleşýän Fransuz institutynyň binasynda geçiriler we sapaklaryň netijesinde gatnaşyjylaryň dil ynamlylygynyň artmagyna garaşylýar.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.