Oýun sanawy

Döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalar gowşuryldy

18 Iýun. 04:10

Çeşme

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna degişli şahadatnamalary gowşurmak dabarasy guraldy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, milli akkreditasiýa ulgamynyň kemala getirilmegi ýurtda soňky ýyllarda durmuşa geçirilýän ulgamlaýyn özgertmeleriň kanunalaýyk dowamydyr. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylda kabul edilen döwlet bilim standartlaryna laýyklykda, 2021 — 2024-nji ýyllar aralygynda müňden gowrak hünär we taýýarlyk ugurlary boýunça okuw maksatnamalary düýpli döwrebaplaşdyryldy.

Ilkinji ýyllyk meýilnama esasynda bilimiň dürli basgançaklaryna wekilçilik edýän jemi 8 sany bilim edarasy akkreditasiýadan geçmek üçin resmi taýdan ýüz tutdy. Hünärmenler tarapyndan geçirilen giňişleýin hem-de obýektiw seljermeleriň netijesinde, olaryň 6-sy şahadatnama almaga mynasyp tapyldy. Şahadatnama alan edaralaryň sanawy:

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebi;

Aşgabat şäheriniň 29-njy orta mekdebi;

Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi;

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi;

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty;

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty.

Akkreditasiýa işleriniň diňe bir ýokary okuw mekdeplerini däl-de, eýsem, umumy we orta hünär bilim edaralaryny hem gurşap almagy ýurtda bitewi hil medeniýetiniň döredilýändigini aýdyň görkezýär. Milli bilim standartlarynyň Ýewropa ýokary bilim giňişliginiň kadalaryna, ÝUNESKO-nyň klassifikasiýalaryna hem-de Lissabon konwensiýasynyň ýörelgelerine doly laýyk getirilmegi türkmen biliminiň halkara derejesindäki abraýyny has-da ýokarlygyna galdyrdy.

Milli bilimiň ösüş bady sanlarda hem öz beýanyny tapýar. Hususan-da, 2025-nji ýylda ýurduň 14 sany ýokary okuw mekdebi «Times Higher Education», 12-si bolsa «UI GreenMetric» halkara reýtingleriniň sanawyna girmegi başardy. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda bilim edaralaryna döwlet akkreditasiýasy hakyndaky şahadatnama 5 ýyl möhlet bilen berilýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌