Oýun sanawy


Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Kembrije okuw saparyny amala aşyrdy
31 Ýan. 12:3825–31-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Angliýanyň Kembrij şäherine sapar edip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary üçin niýetlenen hünär kämilleşdiriş okuwlarynda gatnaşdy. Bu barada Bilim ministrliginiň resmi saýty habar berdi.
Wekiliýetiň düzümine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň wekilleri girizildi.
Okuw maksatnamasy okuw sapaklaryny, seminarlary we tejribe alyşmak çärelerini öz içine aldy. Gatnaşyjylar PRESETT ulgamynda ýolbaşçylyk we strategik meýilnamalaşdyrma boýunça häzirki zaman çemeleşmeleri, mugallymlaryň hünär ösüşi boýunça dolandyryş tejribelerini we dowamatly okuw (CPD) modelini öwrenişdi.
Iňlis dilini okatmak, kommunikatiw we şahsyýete gönükdirilen usullary ulanmak, sanly okuw platformalaryndan, interaktiw usullardan we emeli aň tehnologiýalaryndan peýdalanmak aýratyn üns bilen öwrenildi. Okuw maksatnamalarynyň gurluşyny we netijeliligini seljermegiň usullary hem gözden geçirildi.
Diňleýjiler okuw sapaklaryna gatnaşyp, okatmagyň usulyýetini, okuw esbaplaryny we bilim netijelerini seljerdi. Şeýle-de, daşary ýurt dillerini öwrenmek maksatnamalaryny CEFR (Umumy Ýewropa Dil Bilim Derejelerini Bahalandyrmak Ulgamy) bilen utgaşdyrmak, diňläp düşünmek, okamak, gürlemek we ýazmak ukyplaryny baha bermek usullary maslahatlaşyldy.
Bu okuwlar halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň milli bilim ulgamlaryna öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar
26 Okt. 08:09Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.
Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.
Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.
Şeýle hem okanyň