Oýun sanawy


Türkmenistan bilen Katar Dohada hökümetara komissiýanyň mejlisini geçirer
15 Noý. 06:13Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Nokerguly Atagulyýew Dohada geçiriljek türkmen-katar Hökümetara söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk komissiýasynyň mejlisine görülýän taýýarlyklar barada maglumat berdi.
Geçiriljek duşuşykda iki ýurduň strategik ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen dürli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär. Gün tertibine söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy, maliýe-bank ulgamy, energiýa, ulag, aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy we ekologiýa bilen bagly meseleler girizildi.
Şol bir wagtyň özünde, taraplar bilim, ýaşlar syýasaty, sport we syýahatçylyk ugurlarynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary güýçlendirmek boýunça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Hasabaty jemläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow Katar bilen özara peýdaly ykdysady gatnaşyklary berkitmek ugrunda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutany komissiýanyň türkmen tarapyndan düzümini makullady we mejlisi üstünlikli geçirmek üçin wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.
Şeýle hem okanyň