Oýun sanawy


Balkanabatda «Galkynyş» toparynyň üstünligine bagyşlanan dabara geçirildi
16 Few. 09:05Balkanabat şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejedäki täze ýeňşine bagyşlanan giň gerimli dabaralar geçirildi. Bu çäre toparyň dünýä giňişliginde gazanan abraýyny bellemek maksady bilen guraldy.
Topar ýakynda Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýokary baha mynasyp bolup, Bütindünýä sirk federasiýasy we Ýewropa sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar bilen sylaglandy.
Dabara şäheriň Uzboý köçesi boýunça ýöriş bilen başlandy we «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde dowam etdi. «Bagt köşgi» merkeziniň öňünde döredijilik toparlary tarapyndan däp bolan gelin-gyzly toý dessurlary görkezildi.
Welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň öňünde topar agzalary däp boýunça duz-çörek bilen garşylandy. Şeýle hem drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly çykyşlary we birnäçe tans toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin berdi. Guralan sergi myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Soňra esasy çäreler «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde dowam edip, toparyň görkezme çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Dabaranyň ahyrynda baýramçylyk sadakasy berildi.
Geçen ýylda hem topar Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara festiwalda ýokary üstünlik gazanyp, baş baýrak we birnäçe ýörite sylaglara mynasyp bolupdy.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň