Oýun sanawy


Gözelligiň we mähriň dabaralanmasy: Mukamlar köşgünde baýramçylyk dabarasy
09 Mart. 11:07Halkara zenanlar güni mynasybetli, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň hormatyna uly baýramçylyk konserti guraldy. Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, zähmet weteranlary hem-de halkara guramalaryň zenan wekilleri boldy.
Konsert Milli Liderimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan ylham alnan edebi-sazly kompozisiýa bilen badalga aldy. Sahna ussatlarynyň, belli aýdymçylaryň we ýaş estrada ýyldyzlarynyň çykyşlary mährem enelerimiziň waspy bilen utgaşdy. Aýratyn-da, çagalar hor we skripkaçylar toparlarynyň birnäçe dillerde ýerine ýetiren aýdymlary, şeýle hem ýurdumyzyň iň oňat tans toparlarynyň gatnaşmagyndaky «Küştdepdi» tansy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Dabara ähli gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren ruhubelent aýdymy bilen jemlenip, bagtyýar zenanlaryň kalbyndaky buýsanjyň amaly beýanyna öwrüldi.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.
Şeýle hem okanyň