Oýun sanawy


Türkmenistan Belgradda geçiriljek «EXPO – 2027» bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlanýar
24 Ýan. 08:54Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «EXPO – 2027» bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen toplumlaýyn taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N. Atagulyýew hasabat berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, «Oýun adamzat üçin, sport we saz hemmeler üçin» diýen esasy mowzuk bilen geçiriljek bu iri halkara çärä Türkmenistanyň milli pawiliony «Türkmenistan parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany» diýen şygar astynda çykyş eder. Şeýle çözgüt bilen baglylykda, degişli teklip Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürlenildi.
Hasabaty diňlän Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürýändigini belläp, Belgrad şäherinde geçiriljek «EXPO – 2027» sergisine gatnaşmak boýunça taýýarlyk işlerini güýçlendirmegi we bu ugurda zerur çäreleri amala aşyrmagy tabşyrdy.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanda gallaçylar güýzlük bugdaý ekilişine köpçülikleýin girişdiler
10 Sen. 10:44Türkmenistanyň oba hojalyk zähmetkeşleri geljek ýylyň bol hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen güýzlük bugdaý ekilişine köpçülikleýin başladylar. Bu möhüm oba hojalyk kampaniýasy ýurduň ähli welaýatlarynda bir wagtyň özünde badalga aldy.
Oba hojalyk kärhanalary we daýhan hojalyklary möwsüme doly taýýarlykly geldiler. Ekiliş işlerinde ýokary öndürijilikli tehnikalar, şol sanda meşhur daşary ýurt önümçilikli traktorlar hem-de seýalkalar bökdençsiz bellenilen tertipde peýdalanylýar.
Gallaçylar ýerli toprak we howa şertlerine durnukly bolan, ýokary hilli bugdaý sortlaryny ekmegi meýilleşdirýärler. Bu işler ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmekde we oba hojalyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim bolup durýar.
Möwsümleýin meýdan işleriniň bellenilen möhletlerde we agrotehniki kadalara doly laýyklykda geçirilmegi üçin degişli hünärmenler tarapyndan yzygiderli gözegçilik we maslahat goldawlary guralýar.
Şeýle hem okanyň