Oýun sanawy


“Senagat” banky Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna täze möhletli goýum teklip edýär
25 Sen. 13:17Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň dabarasy mynasybetli Aksiýoner täjirçilik banky “Senagat” raýatlara niýetlenen täze möhletli goýum — “Garaşsyzlygyň 34 ýyllygy” atly bank önümini hödürleýär.
Täze goýum 1 ýyllyk möhlet bilen açylýar we onuň boýunça ýyllyk 10% girdeji göz öňünde tutulýar.
Goýumyň iň pes möçberi — 100 manatdan 500 000 manada çenli bolup, puly nagt görnüşde ýa-da “Altyn Asyr” kartasy arkaly nagt däl görnüşde ýerleşdirip bolýar.
Goýumy açmak 2025-nji ýylyň 30-njy sentýabryna çenli mümkin.
Habarlaşmak üçin maglumat:
Telefon: (+993 12) 44-44-44
E-poçta: info@senagatbank.com.tm
Giňişleýin maglumatlary bankyň merkezi edarasyndan ýa-da şahamçalaryndan alyp bilersiňiz.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň wekilleri Özbegistanda geçiriljek I Merkezi Aziýa talyplar sport forumyna gatnaşarlar
Bugün 10:022026-njy ýylyň 29-njy sentýabry bilen 2-nji oktýabry aralygynda Özbegistanda I Merkezi Aziýa talyplar sport forumy geçiriler. Bu halkara sport çäresine Türkmenistanyň degişli edaralarynyň we wekillikleriniň hem amaly gatnaşmagyna garaşylýar.
Özbegistanyň Milli habarlar agentliginiň maglumatlaryna salgylanmak bilen habar berlişi ýaly, bu forum Halkara Uniwersitet Sport Federasiýasynyň (FISU) Prezidenti Leonz Ederiň Daşkente saparynyň çäklerinde guralýar. Çärä FISU-nyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň talyplar sport federasiýalarynyň wekilleri gatnaşarlar.
Guralýan forumyň esasy maksady talyplar sportuny ösdürmek boýunça toplanan tejribäni halkara derejede ýaýratmakdan hem-de sebit döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Maslahatyň dowamynda talyplar sportuny ösdürmegiň döwrebap çemeleşmeleri we bu ugurdaky geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşylar.
Şeýle hem okanyň