Oýun sanawy
Pekin şäherinde Türkmen-hytaý işewürlik forumynyň we sergisiniň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Bu forum we sergi 28–30-njy aprel aralygynda Türkmenistanda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.
Çäre CODA, «Talvas Ýoly» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Oguz Forum Expo bölümi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde guraldy.
Tanyşdyrylyş çäresine maglumat tehnologiýalary, ýokary tehnologiýalar, energetika, oba hojalygy, lukmançylyk, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, gurluşyk we logistika ýaly dürli ugurlarda iş alyp barýan hytaý kompaniýalarynyň 250-den gowrak wekilleri gatnaşdy. Şeýle hem, oňa Türkmenistanyň resmi wekilleri, şol sanda ýurduň Hytaýdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi gatnaşdy.
Çäräniň esasy maksady geljekki forumyň mümkinçiliklerini giňden tanyşdyrmak bolup, ol türkmen we hytaý kompaniýalarynyň arasynda göni işewür gatnaşyklary ýola goýmak, täze bazarlara çykmak hem-de bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Gatnaşyjylar önümleri tanyşdyrmak, eksport şertnamalaryny baglaşmak we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak mümkinçilikleri bilen tanyşdylar.
Tanyşdyrylyş çäresiniň netijesinde hytaý kompaniýalary bu foruma we sergä gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirdiler. Bu bolsa gepleşikleriň geçirilmegine we täze bilelikdäki taslamalaryň ýola goýulmagyna giň mümkinçilikleri açýar.
Forumyň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda işewür gatnaşyklary berkitmekde, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm meýdança bolmagyna garaşylýar.
Gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm turkmenchina.com saýtynda açykdyr. Kompaniýalar öňünden ýer belläp, geljekki hyzmatdaşlar bilen duşuşyklara taýýarlanyp bilerler.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň