Oýun sanawy


Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan sosial ulgamlarda öz saz toparyny döredendigini mälim etdi. Täze döredilen topar «Warçabend» diýlip atlandyryldy. Bu at ermeni dilindäki döwlet ýolbaşçysyny aňladýan söz bilen iňlis dilindäki «band» sözüniň utgaşmasyndan emele geldi.
Toparyň ilkinji konserti 30-njy ýanwarda Ýerewan şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu täzelik diňe bir Ermenistanda däl, eýsem daşary ýurtlarda, şol sanda Türkmenistanda hem uly gyzyklanma döretdi.
2026-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda Nikol Paşinýan toparyň repetisiýasyndan wideo ýazgyny internetde paýlaşdy. Toparyň düzümine pianinoçy, gitaraçy, saksofonçy, iki aýdymçy zenan girýär, Paşinýan bolsa deprekçi hökmünde çykyş edýär. Şonda ol ýaşlar üçin aýdym-sazly çäre guramagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
Birnäçe günden soňra bolsa çärä gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň kabul edilişi bes edildi, sebäbi konserti görmek isleýänleriň sany garaşylýandan has köp boldy. Bu barada daşary ýurt metbugaty habar berdi.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.
Şeýle hem okanyň