Oýun sanawy

Baýramçylyk at çapyşyklarynyň ýeňijileri sylaglandy

29 Sen. 07:29

Çeşme

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi. Olara Prezident Serdar Berdimuhamedow hem tomaşa etdi.
TDH-niň habar berşi ýaly, bu ýerde dürli aralyga at çapyşyklarynyň ýedisi geçirildi.

1 müň 600 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Babadaş atly dor at pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Ol bu aralygy geçmek üçin 1 minut 51,3 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary üçünji derejeli çapyksuwar M.Agamyradow.

1 müň 600 metr aralyga geçirilen ikinji çapyşykda bolsa Aşgabat şäher häkimligine degişli Gelejek atly gara at ilkinji bolup pel­lehana geldi. Ol bu aralyk üçin 1 minut 51,7 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar Ö.Ýalkabow.

Üçünji çapyşykda hem atlar 1 müň 600 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli Hazyna atly mele at pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Onuň çapyksuwary D.Atdaýew. Hazy­na bellenilen aralygy geçmek üçin 1 minut 50 sekunt sarp etdi.

Dördünji çapyşykda dört we uly ýaşar atlar 1 müň 600 metr aralyga ýaryşa goşuldylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dowamat atly dor at pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Onuň görkezen wagty 1 minut 48,2 sekunda deň boldy. Onuň çapyksuwary B.Babaýew.

Baýramçylyk at çapyşyklarynyň bäşinjisinde dört we uly ýaşar atlar 1 müň 600 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Aşgabat şäher häkimligine degişli Garaýel atly gara at pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Ol bu aralygy geçmek üçin 1 minut 48,7 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar R.Seýidow.

Altynjy çapyşykda dört we uly ýaşar atlar 2 müň 200 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bu çapyşykda Türkmenistanyň Söwda we daşary yk­dysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Tokaý hojalygy» döwlet kärhanasyna degişli Gudratlydag atly mele at ýeňiji bolmagy başardy. Gudratlydag bellenilen aralygy geçmek üçin 1 minut 33 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary D.Berdimämmedow.

Jemleýji, ýedinji çapyşykda dört we uly ýaşar atlar Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny almak ugrunda 2 müň 200 metr araly­ga ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen çapyşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Ol bellenilen aralygy geçmek üçin 2 minut 34,5 sekunt sarp etdi. Onuň çapyksuwary ussat çapyksuwar B.Agamyradow.

Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Alty çapyşygyň ýeňijilerine 100 müň, jemleýji çapyşygyň ýeňijisine bolsa 300 müň manat möçberde pul baýraklary gowşuryldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌