Oýun sanawy


Geljek aýda Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda wajyp orun tutýan birnäçe şanly seneler we medeni çäreler giňden belleniler. Hökümetiň soňky mejlisinde maý aýynda geçiriljek dabaralaryň we täze desgalaryň açylyş dabaralarynyň tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy. Meýilnamada bellenilişi ýaly, ähli çäreler ýurduň häzirki ösüş depginini we milli gymmatlyklary dabaralandyrmaga gönükdiriler.
Maý aýynyň esasy baýramlarynyň hatarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Ýeňiş güni, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni we Türkmen halysynyň baýramy bar. Bu seneler mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarda ylmy-amaly maslahatlar, sergiler we döredijilik duşuşyklary guralar. Şeýle hem ýurduň dürli künjeklerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly binalaryň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.
Medeniýet ulgamynda hem birnäçe halkara we döwlet derejesindäki dabaralar geçiriler. Hususan-da, meşhur kompozitor Weli Muhadowyň ýubileýine bagyşlanan aýdym-sazly çäreler hem-de TÜRKSOÝ guramasynyň opera günleri medeni durmuşyň iň täsirli pursatlarynyň biri bolar. Şeýle hem zehinli bagşylaryň arasyndaky bäsleşikleriň sebit tapgyrlary jemlenip, ýurduň aýdym-saz mirasynyň döwrebap ösüşi görkeziler.
Döwlet Baştutany meýilleşdirilen çäreleriň ähmiýetini nygtap, olaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde amala aşyrylýan bu dabaralar, ýurduň halkara abraýyny berkitmäge we halkyň agzybirligini dabaralandyrmaga hyzmat eder. Maý aýyndaky baýramçylyk dabaralary türkmen jemgyýetiniň bitewüliginiň nobatdaky beýanyna öwrüler.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.