Oýun sanawy

Türkmen aktýory Çary Berdiýew I Mariý halkara etnik kinofestiwalynda ýokary baýraga mynasyp boldy

21 Iýun. 13:59

Çeşme

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylarynyň bilelikde döreden «Magtymguly Pyragy» çeper filmi Russiýa Federasiýasynyň Mariý El Respublikasynyň Ýoşkar-Ola şäherinde geçirilen I Mariý halkara etnik kinofestiwalynda uly üstünlik gazandy. 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda guralan bu abraýly medeni forumda taryhy filmde baş keşpleriň birini ýokary ussatlyk bilen janlandyran türkmen aktýory Çary Berdiýew «Iň gowy erkek keşbi» ugrundaky baýragyň ýeňijisi boldy.

Russiýanyň halklarynyň agzybirligi ýylyna bagyşlanan bu ilkinji kinoforum dünýäniň onlarça ýurdundan kino sungatynyň görnükli wekillerini bir ýere jemledi. Festiwalyň bäsleşik we bäsleşikden daşary maksatnamalarynyň çäklerinde Russiýadan, GDA döwletlerinden, şeýle hem Aziýa we Ýewropa sebitlerinden getirilen 30-a golaý ekran eseri tomaşaçylara hem-de emin agzalaryna hödürlendi. Belent professional derejede surata düşürilen taryhy-biografik ekran eseri emin agzalary tarapyndan iň täsirli we şowly çykan işleriň biri hökmünde aýratyn bellenildi.

Halkara kinofestiwalyň netijeleri boýunça beýleki ugurlarda hem ýeňijiler yglan edildi. Esasy baýraklar aşakdaky ýaly paýlandy:

Gran-pri (Iň gowy çeper film): Hytaýyň, Şweýsariýanyň, Malaýziýanyň we Kanadanyň bilelikde öndüren, režissýor Lam Kan Çžaonyň «Günüň ýiti şöhle saçýan ýerinde» (Там, где солнце светит ярко) filmi;

Iň gowy režissýorlyk işi: Režissýor Dastan Madalbekowyň gyrgyz kinematografiýasyna degişli «Ejeňiz bilen tans ediň» (Потанцуйте с мамой) filmi;

Iň gowy gysga metražly film: Režissýor Piýuş Thakuryň «Birinji film» atly hindi lentasy.

Mundan başga-da, kinofestivalyň ýörite görkezilişleriniň çäklerinde tomaşaçylara rus režissýory Andreý Zaýsewiň «Iti hasaba almasaň, bir ömürde iki adam» hem-de italýan režissýory Žani de Blasiniň «Tomsuň iň soňky hepdesi» atly filmleri tanyşdyryldy. Ýatlap geçsek, uly üstünlik gazanan «Magtymguly Pyragy» we «Ejeňiz bilen tans ediň» filmleri mundan ozal ilkinji gezek guralan «Göwher kebelek» Açyk Ýewraziýa kinobaýragynyň çäklerinde hem görkezilip, halkara hünärmenleriň ýokary bahasyna mynasyp bolupdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌