Oýun sanawy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň täze tapgyry bilen tanyşdy

21 Aprel. 17:06

Çeşme

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda gurluşygyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyny gözden geçirdi. Milli Lider täze gurulýan binalaryň taslamalary we şäheriň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen çäreler bilen jikme-jik tanyşdy. Bu sapar akylly şäher konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişine döwlet derejesinde berilýän uly ünsüň nobatdaky subutnamasydyr.

Iş saparynyň barşynda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebiň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn ähmiýet berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow mekdep binalarynyň içki we daşky bezeg aýratynlyklaryna, şeýle-de okuwçylar üçin döredilýän şertlere baha berdi. Milli Lider bilim edaralarynyň gurluşygynda we enjamlaşdyrylyşynda iň döwrebap tehnologiýalaryň hem-de milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmalydygyny nygtady.

Şäher häkimliginiň we gurluşyk komitetiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda gurluşygyň depginini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini desgalaryň dolandyryşyna ornaşdyrmak we şäher hyzmatlarynyň netijeliligini artdyrmak boýunça anyk wezipeler kesgitlenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri degişli ýolbaşçylara gurluşygyň hiline we möhletlerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda medeni-durmuş maksatly binalar bilen bir hatarda, ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen taslamalara hem garaldy. Milli Lider Arkadag şäheriniň dünýäniň iň oňaýly we ekologiýa taýdan arassa şäherleriniň birine öwrülmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýerli ýolbaşçylara bagy-bossanlyga büremek we döwrebap yşyklandyryş ulgamlaryny gurmak boýunça birnäçe öwüt-ündewler berildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌